Türkmen tebigaty ähli pasyllarda hem owadan, sahawatly, sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgininde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr azdyr. Dana ata-babalarymyz bolsa güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. «Jüýjäni güýz sanaşars», «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür»... – diýip aýdylan sözler güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Sebäbi bu pasylda geljekki gyşa, ýylyň iň sowuk döwrüne taýýarlyk görülýär. Şeýle-de bu pasyl hasylyňy zaýasyz ýygnamagyň iň amatly döwri bolup durýar. Muny Kerim Gurbannepesowyň «Miwe ýetişdimi ýygna güýz wagty» diýen setirlerinde hem görmek bolýar.
Ýagýan ýagyş, ýagmyr bereket bolup topraga siňýär. Sähra sary donuna bürenýär. Agaçlardan gaçan sary ýapraklar dökün bolup topraga siňip gidýär. Güýzde bişen ir-iýmişdir bakja önümleriniň ysy bark urýar, tagamy şirin-nabada dönýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Açyk asmanda hatar bolup uçýan durnalar şahyrana adama ömrüniň dowamlylygyny ýatlatsa, ýagýan yzygider ýagyşlar çuňňur oýlara batmaga sebäp bolýar. Belki şonuň üçindir, halkymyzda adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri güýz bilen deňeşdirilýär. Adam orta ýaşdan geçenden soň, ömründe eden işleri, bitiren hyzmatlary, ýetişmedik maksatlary barada oýlananyny duýman galýar. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyz hem bar. Şeýle şahyrlaryň biride Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur.
Şeýle ajaýyp döwrümizde güýzi garşylamak biziň hemmämiz üçin ýakymly bolsa gerek. Ýeneki güýzlerde hemmämize agzybirlikde, sag-salamat ýetmek nesip etsin!
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.