OTAG GÜLLERI

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda söz açylanda, elbetde otag gülleri hem göz öňüne gelýär. Sebäbi güýz, gyş aýlarynda, tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly täsir edýär. Adam ösümliklerdir, gülleri ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Häzirki döwürde otag ösümlikleriniň köp sanly görnüşleri bar. Otag ösümlikleriniň käbir görnüşleriniň öý howasyny arassalamak mümkinçiliginiň ýokarydygy ylmy barlaglarda we geçirilen köp sanly tejribelerde bilermenler tarapyndan anyklanyldy. Olaryň hatarynda hlorofitum, diffenbahiýa, hoýýa, fikus, kalanhoe, filodendron, asparagusy, we başga-da köp sanly otag ösümliklerini aýtmak bolýar. Bu otag ösümlikleriniň arasynda wagt synagyndan geçen hlorofitum otag ösümligi has peýdaly hasaplanylýar. Ol otagyň içindäki, kömürturşy gazyny we mebellerden bölünip çykýan formaldegid maddasyny özüne siňdirýär. Hlorofitum howany çyglandyrýar we zyýanly mikroorganizmleriň ýaşaýjylyk ukybyny peseldýän fitonsid maddasyny bölüp çykarýar. Hlorofitum bir gije-gündiziň dowamynda 2 inedördül metr meýdandaky howany zyýanly mikroorganizmden arassalamaga ukyplydyr. Otag gülleri diňe bir öýümizde lälezarlyk, gözellik döretmän, eýsem kalbymyzda hem gözellik döredip, ömrümize ömür goşýar, bize saglyk paýlaýar. Şeýle-de maşgaladaky çagalarda gözel tebigata, onuň ösümlik dünýäsine söýgi döretmäge-de uly ýardam edýär.

 

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

SYNAG (tymsal)

Meňzeş habarlar

21 Sentýabr 2024 | 2 okalan

SUNGATDA GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TARYPY

21 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

20 Sentýabr 2024 | 206 okalan

PYRAGYNYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI