Kädi adam bedeniniň alyş-çalşygyny, iýmit siňdirişi çaltlandyrýar. Yzygiderli kabul edilende uglewod çalşygyny, öt ýollarynyň, bagryň, aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Düzüminde köp mukdarda ösümlik ýaglaryny saklaýandygy sebäpli, kädi bedenden zyýanly galyndylaryň, gandaky holesterinleriň tiz çykarylmagyna ýardam edýär. Kädi hamyla gelinler, 7-10 aýlyk we ondan ýokary ýaşdaky çagalar üçin hem iňňän peýdalydyr. Lukmanlar ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara howurpeçde taýýarlanylan kädiniň 200-250 gram möçberini yzygiderli iýmegi maslahat berýärler.
Kädi düzüminde kaliniň uly mukdaryny saklap, bedenden suwuklygyň çykmagyny tizleşdirýär. Kim ýürek agyrydan, böwrekden, peşew ýollarynyň näsazlygyndan ejir çekýän bolsa, kädi juda peýdalydyr. Kädi şiresi düzüminde juda seýrek bolan T witaminini saklap, ganyň düzümini durnuklaşdyryp, dişleriň ganamagynyň öňüni alýar. Kädiniň düzümindäki A witamini gözleriň saglygyna ýardam berip, görşüňi gowulaşdyrýar. Umuman, kädi ýara ýapylanda, aşgazanyň nemli bardasy çişende tiz bitirýär, kädi çigidi prostatiti bejermekde, şiresi görşüňi gowulaşdyrmakda tapylgysyz önümdir. Şular bilen birlikde kädi ýokumly iýmitleriň biri hasaplanýar.
Kädiden taýýarlanylan melhem kosmetologiýada hem giňden peýdalanylýar. Sebäbi kädiniň düzüminde köp mukdarda saklanýan A we E witaminleri deriniň ýaş görünmegine, çeýeliginiň saklanmagyna, gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goranmaga ýardam edýär.
Azat HALMYRADOW,
Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.