ÝURDUŇ BEÝIK GELJEGI ÝAŞLAR

     Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda, Ak bugdaý etrabynyň takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň, mugallymlarynyň şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Ýurduň beýik geljegi ýaşlar» ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz, gazanylýan üstünlikler şeýle-de Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin döredip berilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda edilen giň manyly çykyşlar oňa gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

     Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler uly buýsanç bilen ýaňlandy.

 

Täjinar ALLANUROWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 264 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 252 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 505 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT