Ýakynda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki Ahal welaýat ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk — ruhubelentligiň sakasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga hassahanada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda Berkarar Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada gürrüňler edildi. Duşuşygyň barşynda sagdyn maşgalanyň döwletiň, jemgyýetiň esasysy bolup durýandygy, şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda wagyz-nesihat düşündiriş işleriniň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenip geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan sahawatly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.