GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Milli Ak bugdaý muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň şeýle hem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Baky bagtyýarlygyň Watany» at bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlik duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda täsirli gürrüňlere.giň orun berildi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan bu ýylda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanmagy ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini nazarda tutýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaş nesilde halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek guramanyň belent borjy we baş maksadydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, guramamyzda alnyp barylýan işler hakyndaky gürrüňlere söhbetdeşligiň dowamynda uly ähmiýet berildi. Şeýle-de duşuşykda çykyş edenler türkmen halkyny bol-elin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Täjinar ALLANUROWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

RUHUBELENTLIGIŇ SAKASY

Indiki makala

SAGDYN ENE-SAGDYN NESIL

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA