Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda halkyň saglygy ilkinji nobatda durýar. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, sagdyn nesli kemala getirmeklige aýratyn üns berilýär. Şu jähetden, ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, Babadaýhan etrabynyň polisiýa bölüminiň, Babadaýhan etrap hassahanasynyň hem-de Babadaýhan etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn ene-sagdyn nesil” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda eneleriň saglygyny goramak, berk bedenli sagdyn nesil ýetişdirmek, olaryň talabalaýyk dynç almagy, bilim almagy, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mukaddeslige deňelýän enelermiz, bagtyýar nesillerimiz barada yzygiderli alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.