TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň gurnamagynda Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda bu ajaýyp eseriň uly sowgat bolup, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, ýurdymyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrülendigini belläp, bu kitapdaky ýerli dermanlyk otlaryň görnüşleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Röwşen HOJAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 497 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 491 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 505 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT