Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Etrap boýunça bol hasyl kemala getirilen meýdanyň berekedini göreniňde göwnüň göterilýär. Şu günler «ak altynly» pellerde zähmet barha joşýar. Pagtaçylar yhlas bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny isripsiz ýygnamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kaka etrap häkimligi we etrabyň jemgyýetçilik guramalary möwsümi gysga möhletde, bökdençsiz we guramaçylykly alyp barmak, pagta ýygymyna gatnaşýanlary zähmet üstünligine ruhlandyrmak maksady bilen höweslendiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda on günlik zähmet bäsleşiginiň yglan edilmegi bellärliklidir. Etrabymyzyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlary bolsa, pagta möwsüminiň dowamynda özleriniň joşgunly sungat çykyşlary bilen zähmetkeşleriň armasyny ýetirýärler. Şeýle çäreler päk we yhlasly zähmeti bilen, Watanymyzyň «ak altyn» harmanynyň beýgelmegine goşant goşýan pagtaçylaryň has-da gujurly işlemegine itergi bolýar.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.