DABARALY GEÇEN ÇÄRE

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Sarahs etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy guramaçylykly geçirildi. Dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek bilen bir hatarda täze kitap bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Bu ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin belläp, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda adam saglygyny goramakda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Zübeýda GURTÝAZOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA