TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL ÝYGYNDYSY BAE-NIŇ ÇEMPIONY BILEN ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNY GEÇIRDI

     Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

     Ýygyndy toparymyz ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny şu gün ýagny, 15-nji oktýabrda BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony FC “Şabab Al-Ahli” toparynyň garşysyna geçirdiler. Dubaý şäheriniň “Raşid stadium” stadionynda geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda FC “Şabab Al-Ahli” peýdasyna tamamlanyp, Türkmenistanyň futbol boýunça Milli ýygyndysynyň ýeke-täk goluny Myrat Annaýew penaltiden geçirdi.

     Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýerli “Dubai United” toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdi. “Dubai Sport Siti” stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda ýygyndy toparymyzyň peýdasyna tamamlanyp, Milli ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Ruslan Mingazow, Myrat Annaýew hem-de Elman Tagaýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder.

     Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.

     Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

 

TURKMENPORTAL

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 108 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR