FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ KUBOGYNYŇ ÝARYMFINALLARYNYŇ JOGAP DUŞUŞYGYNYŇ GEÇIRILJEK GÜNI BELLI BOLDY

     Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrunda geçirilýän ýaryşyň ýarymfinallarynyň jogap oýunlary şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

     Ýarymfinallaryň birinji duşuşyklarynyň netijesinde «Merw» bilen «Ahal» toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar. Ikinji ýarymfinalda bolsa «Arkadag» topary myhmançylykda 4:1 hasabynda «Altyn asyr» toparyndan üstün çykypdy.

     Şeýlelikde, «Ahal» – «Merw» hem-de «Arkadag» – «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky jogap oýny 18-nji dekabrda geçiriler.

     Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty soň belli ediler.

 

 

turkmenportal.com

 

 

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 106 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR