TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL ÝYGYNDYSY ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNDA «AJMAN» TOPARYNDAN ASGYN GELDI

     Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 18-nji oktýabrda Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda meýilleşdiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirdi.

     Mergen Orazowyň şägirtleriniň bu duşuşykdaky garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Ajman» futbol topary boldy. Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen ýygyndysynyň ýeke-täk goluny Arslanmyrat Amanow geçirdi.

     Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy BAE-de geçiren üç ýoldaşlyk duşuşygynyň diňe birinde ýeňiş gazanyp, ikisinde garşydaşlaryndan utuldy. Mundan ozal «Dubaý Ýunaýtedi» 3:1 hasabynda ýeňen türkmen futbolçylarynyň «Şabab Al-Ahliden» 2:4 hasabynda utulandygyny ýatladýarys.

     Bu ýerde türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna taýýarlygyň nobatdaky tapgyryny geçirdi. Türkmen ýygyndysy saýlama duşuşyklaryny «E» Eýranyň, Özbegistanyň we Gonkongyň ýygyndylary bilen geçirer.

     Saýlama tapgyrda türkmen ýygyndysy alty duşuşyk geçirer. Olaryň ikisi şu ýylyň noýabr aýynda geçirilse, galan dördüsi geljek ýylyň martynda we iýunynda bolar. 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistanyň ýygyndysyny kabul etjek Mergen Orazowyň şägirtleri 21-nji noýabrda Gonkongyň myhmany bolarlar.

     Düzgünnama görä, her toparçadan iň güýçli iki wekil ýaryşyň üçünji saýlama tapgyryna çykyp biler. Şol sanda olar Aziýanyň kubogy ― 2027-niň final tapgyryndaky ýerini hem berkiderler.

 

Dünýä çempionaty ― 2026: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň senenamasy:

«E» toparça

1-nji tapgyr, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry

Türkmenistan – Özbegistan

2-nji tapgyr, 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry

Gonkong – Türkmenistan

3-nji tapgyr, 2024-nji ýylyň 21-nji marty

Eýran – Türkmenistan

4-nji tapgyr, 2024-nji ýylyň 26-njy marty

Türkmenistan – Eýran

5-nji tapgyr, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuny

Özbegistan – Türkmenistan

6-njy tapgyr, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny

Türkmenistan – Gonkong

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 99 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR