Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO-dan gelip gowşan hoş habar her birimiziň kalbymyzy buýsanç duýgulary bilen gaplap aldy. Ýagny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» we Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu sanawda «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň bolmagy ýurdumyzyň ekologik gurşawyny goramak boýunça dünýä ähmiýetli işleriň giň gerimler bilen alnyp barylýandygyndan habar berýär. Bular dogrusynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen hoşallyk maslahatynda hem täsirli çykyşlar edildi.
«Türkmen tebigaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda» diýen at bilen geçirilen hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher, Dänew, Saýat we Çärjew etraplarynyň işgärleri we işjeň agzalary, muzeý, kitaphana, goraghana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ýygjamlaşýan gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri dogrusynda aýratyn nygtaldy.
«Türkmen tebigaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda» diýen at bilen geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň taryhy we medeni ojaklaryny, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny bu abraýly düzümiň sanawyna girizmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyşlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda ekologik gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu günki gün dünýä derejesinde ykrar edilýär. Goraghananyň işgärleri öz çykyşlarynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda tutuş adamzadyň göz guwanjyna öwrülen Garagumuň çöl we haýwanat dünýäsini goramak, öwrenmek we baýlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan ylmy işleriň netijeliligi dogrusynda aýratyn nygtadylar. Şonuň ýaly-da olar indi alnyp barylýan bu işlere ÝUNESKO-nyň hem uly gyzyklanma bilen gatnaşýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Maslahatda ýurdumyzyň taryhy we medeni ojaklaryny, tebigy gymmatlyklaryny, maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Rahman ERGEŞOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.