Şeýle bir rowaýat bar. Amallaryň agramy ölçelýän terezi gününde käbir adamlaryň eline hasap depderleri berlermiş, şonda olar ol ýerdäki birnäçe sogaplara geň galyp «Eý Perwerdigärim, biz bu amallary etmedik ahyry» diýip ýüzlenermiş. Şonda Perwerdigär «Siz şol amaly etmeseňizem, şol amallary niýet etdiňiz. Amallar niýetlere görädir» diýip, ýagşy niýet üçinem bendelerini ýalkarmyş. Ýokardaky düşünjelerden ugur alsak, biziň ýamanlyk hökmünde kabul edýän zadymyz iki dürli bolup çykýar: olaryň ikisi hem birbada hiç göwnümize ýaranok. Ýöne täsin ýeri, olaryň ikisi hem ahyrsoňunda biziň üçin örän bähbitli bolup gutarýar. Birinjisi, dogrudanam, abraýyňa, maddy-hal ýagdaýyňa, saglygyňa zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bozuk niýetli ýamanlyklar. Beýlekisi — ýamanlyk niýeti bolmadyk, ýöne netijesi göwnümize ýaramaýandygy üçin özümiz tarapyndan ýamanlyk hataryna goşulan amallar.
RAHMET GYLYJOW
“17-AÝTMALY HABARYM BAR” KITABYNDAN