BÜDREDÝÄN DAŞLAR WE KÖPRÜLI KYSSA

     Gezjek ýeriňde saňa «badak atýanlar» welin, rowaýatdaky garyby büdredýän daş ýaly görünsin. Ol rowaýaty köpiňiz bilýänsiňiz. Gadym döwürlerde bir derýanyň üstünden altyn köpri salypdyrlar. Gyzylyň üstünde otursa, adamyň şähdaçyk, keýpiçag bolýandygy düşnükli. Şeýle joşguny duýmak üçin agyr mähelle sil akan ýaly bolup, köprüden o ýan-bu ýan geçer ekeni. Egninde ýamaly içmekden başga dony bolmadyk pukaralaryň biri beýle mugt eşretiň köpe miýesser edendigine geň galyp, az salymlygam bolsa, dünýäni unudyp, ganat baglap uçasy gelipdir. Il sowluşyp, köpriniň gyzgyny sowaberende “gel, şu köprüden ýeke özüm hezil edip geçeýin-le” diýen niýet bilen ýola düşüpdir. Köprä golaýlaberende welin, bir daşa büdräp, aýagyny mazaly agyrdypdyr. Garyp görgüli: «Agzy aşa ýetende, burny ganar» diýleni boldy. «Indi men agsak aýak bilen gyzyl köpriniň gyzygyny duýup bilmerin» diýip, aglamjyrap başlapdyr. Şol wagt altyn köpri jarka ýarylypdyr-da, aşak çöküpdir. Bu ahwalata geň galan garybyň ýaňky zeýrenji derrew şükranalyga öwrülipdir: «Eý, Allam, daş maňlaý däldigim üçin şu daş bilen meni halas eden ekeniň. Badymy saklaman, köprä münenligimde, bu wagt men nirelerde bolardym. Men juda bagtly ekenim» diýip begenipdir.

    Her bir zadyň aňyrsynda haýsydyr bir haýryň bukulyp goýlandygy köp wagt geçmänkä aýan bolýar. Hudaý berjek zadyny göwnüňe geňeşenok, bir sebäp döredýär ýetiriberýär. Her bir wakanyň, hadysanyň düýbi-teýkary, ahyry-soňy biziň üçin haýyrly bolsa, ähli hereketlerem niýetiňe görä ýagşylyga öwrülip gelýän bolsa, birmahallar Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň darkaşy hakdaky pikire ýöntemje netije çykaryp bolýar: durmuşda ýagşy adamlar biziň göz öňüne getirişimizden has köp.

 

 

RAHMET GYLYJOW,

«17-AÝTMALY HABARYM BAR» KITABYNDAN

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR