«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň gyşy göwünleriň hoşy bolup geldi. Bu ajaýyp paslyň ilkinji gününde badalga alan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi ýatdan çykmajak günleri bilen gyşyň ilkinji ongünligini taryhy pursatlara besledi. Onki günläp dowam eden halkara sergi ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň baýramçylyk gözdengeçirilişi we geljekki üstünliklere badalga hökmünde netijeliligi bilen tapawutlandy. Bu halkara derejeli foruma türkmen ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, ýaş alymlar, hünärmenler, ýaş žurnalistler, ýaş inženerler, ýaş tehnologlar, ýaş oýlap tapyjylar we beýleki öňdebaryjy ýaşlar bu sergide zähmet çekýän ulgamlar boýunça gazananlaryny görkezip, tejribelerini baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik aldylar. Türkmen ýaşlarynyň halkara sergä gatnaşmaklary we onda işjeň çykyş etmekleri ösüp gelýän nesliň halkara giňişligindäki ornunyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.
Bu günlerde ýalkymly pursatlaryň ýene biri Gahryman Arkadagymyzyň jemlenip barýan taryhy ýylymyz bilen adybir eseri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagydyr. Arkadag Prezidentimiziň halkymyza baýramçylyk sowgady hökmünde peşgeş beren bu ajaýyp kitabynyň baýramçylyk joşgun alan günlerinde paýhas çogy, bagt hakyndaky taglymaty bolup dünýämize şugla saçmagy hakydalardan çykmaz. Çünki biziň ilimizde kitap – bakylygyň ilçisi, düýniň, şu güniň hem geljegiň beýany saýylýar. Şonuň ýaly taryhy wakalar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi we olaryň tanyşdyrylmagy bilen bagly dabaralaryň mysalynda has hem artdy. Bu ajaýyp kitabyň birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilmegi türkmeniň döwletli ýörelgesiniň dünýäde dabaralanmasydyr. Bu wakalar biziň halkara abraýymyzyň, äleme dolan mertebämiziň alamatydyr. Bu günki günde milli Liderimiziň eserleri türkmen ýaşlarynyň ýol-ýörelgesi we zähmet ýol görkezijisi, durmuş mekdebi bolup durýar. Eziz Arkadagymyzyň her bir sözüni şygar, her bir eserini ýaşaýyşyň manysy saýýan bagtyýar ýaşlar üçin bu ajaýyp eserleriň gadyr-gymmaty hiç haçan egsilmezdir.
Dekabr aýynyň baýramçylyk pursatlary, gyşyň ilkinji günleri ak niýetli, ak göwünli halkyň ýaşaýan mesgeni bolan ajaýyp ýurdumyza ýagan ak gar bilen hem hakydalara siňdi. Bu günleriň aklyga, arşdan ýagýan nur-berekete beslenmegi şahandaz kalply türkmene mähir nurynyň ýagmasyny aňladyp, ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi. Sebäbi biziň halkymyzda ak garyň ýagmagy rysgal-bereketiň, ýagşylyklaryň, ak geljegiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Bagtyýar ýaşlygyň ýakymly duýgulary bilen ulaşan bu pursatlar türkmeniň merdana nesli üçin hem örän täsirlidir. Sebäbi ýaşlygyň gymmaty tebigatyň joşguny bilen utgaşanda günleriň gadyr-gymmaty juda başgaça bolýar. Bu gyzykly hem lezzetli pursatlar ajaýyp zamananyň nesilleri üçin hem göwüngöteriji we belent ruha ýetiriji häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Päklik bolup gelen, parahatlygy ýer ýüzüne ýaýan, ýyly ýatlamalary ýazyp barýan bu paslyň 12-nji dekabry – Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar, halkara maslahatlar hem şanly wakalar hökmünde diňe bir biziň taryhymyzy däl-de, dünýä taryhy üçin hem ähmiýetli waka hökmünde altyn harplar bilen aňlara, kalplara, resmi hatlara ýazyldy. Şol gün gyş gijesi Bitaraplyk binasynyň töwereginde asmana göterilen feýerwerkler bolsa göreçlerde hem göwünlerde galan görnüşler hökmünde bu bagtly, şanly, milletiň şöhraty bilen bagly wakalary hiç bir türkmen unutmaz.
Döwlet syýasaty bilen bagly wakalarda, şanly senelerde, iri möçberli halkara çärelerde ýaşlara aýratyn orun berilmegi örän buýsançlydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleri bolsa şeýle wakalara gatnaşyp, olarda özlerini has-da bagtly duýýarlar. Eziz Arkadagymyzyň pent-sargytlaryna doly eýerýän, nusgasyndan görelde alýan ýaşlar pederlerimiziň «Il halkyň bir iş tutsa, sen ondan galyjy bolma!» diýen sözlerine eýerip, döwletli tutumlaryň her birine uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Taryhy ähmiýetli wakalarda türkmen ýaşlaryna aýratyn orun berip, ýaşlyk ykbalymyzy galkyndyrýan, ajaýyp pursatlary we giň mümkinçilikleri döretmek bilen bize okamaga, işlemäge, döretmäge hem diňe öňe gitmäge ak ýollary açyp berýän ýaşlaryň Hak Howandary Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.