TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtyny we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Milli Liderimiz bu gezekki iş maslahatynyň welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ykdysady ýagdaýyna serediljekdigini, sebitleriň we Aşgabat şäheriniň ykdysady ýagdaýyna, olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipelere bagyşlanjakdygyny, olary ýerine ýetirmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, nusgalyk şäherçeleri döretmek boýunça alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly garalan meseleleriň wajypdygyny we şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagyň hem-de geljek ýyl üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça kesgitlenen meýilnamalaryň doly derejede we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.