AŞGABATDA SUNGAT USSATLARYNYŇ DÖWLET KONSERTI BOLDY

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.

Dünýä bileleşiginiň ýurdumyza beren täsin halkara hukuk derejesi diňe bir giň gerimli döwlet maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly binýat boldy.

«Bitaraplyk biziň dünýä halklaryny beýik maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan ýörelgämizdir. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, hormatly Prezidentimiz ählihalk baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýar.

Mukamlar köşgüniň konsert zalynyň ägirt uly ekranynda döwletimiziň taryhy ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň bitaraplyk ösüşiniň 25 ýylynyň şanly wakalary beýan edilýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň we dürli halklaryň dostlugynyň ýörelgelerini wagyz edýän ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň aýratyn wezipesini hem kesgitledi. Häzirki döwürde medeni diplomatiýa döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.

Şu döwlet konsertiniň ähli çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň waspy ýaňlandy. Konserte ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary we sazandalary, belli tans hem-de folklor toparlary, ýaş zehinler gatnaşdylar.

Konsert «Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Bu çykyşda Gahryman Arkadagymyza hakyky ählihalk söýgisi we buýsanjy beýan edildi.

Ruhubelentlik ýagdaýynda başlanan baýramçylyk konserti gyzykly çykyşlar bilen dowam etdirdi. Şol çykyşlaryň her birini uly bolmadyk sahna oýny bilen deňeşdirmek bolýar.

Meşhur aýdymçylar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen «Arkadagly ýurdum baky Bitarap» atly watançylyk aýdymy Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna guralan döwlet konsertiniň özboluşly we köpöwüşginli jemlenmesine öwrüldi.

Joşgunly aýdym Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň waspnamasy bolup ýaňlandy. Bu çykyş halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nurana geljege tarap ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň şu bagtyýar eýýamyna buýsanjynyň örän belentdigini görkezdi.

Beýik baýramçylyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň özenini düzýän parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bu baýramçylyga bagyşlanan köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary hem-de çäreleri guraldy. Baýramçylyk güni bolsa paýtagtymyzda ajaýyp senäniň hormatyna owadan feýerwerk bilen tamamlandy. Bu sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň taryhy ýylýazgysyna ajaýyp sahypalary ýazar.