MILLI LIDERIMIZ HALKARA ÝUBILEÝ MASLAHATYNA GATNAŞDY

Düýn paýtagtymyzda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly Halkara maslahaty geçirildi. Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat başlamagynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan Halkara sergi bilen tanyşdy. Ol 12 günüň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýeten derejesini görkezdi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara serginiň birnäçe gün bäri öz işini dowam edýändigi, onuň çäklerinde birnäçe çäreleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan serginiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini beýan etmekde we öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny öz içine alýan serginiň bölümleri bilen tanşyp başlady.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly pudaklaýyn sergi bilen tanyşlygyny jemläp, bu ýerde guralan giň möçberli gözden geçirilişe ýokary baha berdi hem-de şeýle sergileri yzygiderli dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere foruma gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Hemmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisine gatnaşyjylary gutlap, olara bu foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri, teklipleri we garaýyşlary boýunça pikir alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Soňra forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef  Ben Ahmed al-Usaýminiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory hanym Odre Azuleniň, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germanyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozdanyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň çykyşlary diňlendi.

Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylar ýüzlenip, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we diplomatlaryň çykyşlarynda bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi hem-de halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýetiniň aýratyn nygtalandygyny belledi.

Forumyň barşynda beýan edilen teklipler bu ugurlar boýunça giň we yzygiderli köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleriň esasyny döredip, halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigi, peýdalydygy hem-de uly mümkinçiliklere eýedigi barada has aýdyň we anyk düşünjeleri emele getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz maslahatyň dabaraly mejlisiniň jemlerine ýokary baha berýäris, ol parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işiň köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk binýady döretmäge ukyplydygyny görkezdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň, türkmen halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler, halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarymyza ýokary baha berilýändigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle ýokary baha biziň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça giň we işjeň gepleşikleri ýola goýmagyň, belent maksatlara ýetmek üçin mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegiň bähbidine saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyna has-da uly ynam döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemlemek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýene bir taryhy senäni – Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellejekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, maslahata gatnaşyjylary ýetip gelýän 2021-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen tüýs ýürekden gutlap, täze ýylyň hemmelere bagt we abadançylyk getirmegini arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahaty köpsanly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde öz işini umumy mejlisler arkaly dowam etdi.