TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Düýn agzybir we beýik başlangyçlary bolan yhlasy bilen bir maksada gulluk edýän türkmen halky döredijilik ýokary göterilişi hem-de bimöçber buýsanç duýgulary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly seneleriniň biri bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny giňden dabaralandyrýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň täze taryhynyň ägirt uly ösüşleriniň nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy we Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady hem-de medeni ösüşine beslenen täze taryhy eýýamyň emele gelmegine giň ýol açan Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny üpjün eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Hemişelik bitaraplyk derejesine hem-de ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan bu syýasat Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi.