Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň «Ruhyýet» köşgünde Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň beýleki döwletlerde işleýän ilçileri çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň uly baýramçylyklarynyň öňýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol toparyň günä geçmek hakyndaky çözgüdiniň taslamasy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, iş kesilen 2078 raýatymyzyň hem-de 4 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Milli Liderimizi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Kararyny yglan etmek üçin parlamentiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň mizemez syýasy, ykdysady we hukuk esaslaryny bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmek, dünýä döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek işine goşan ägirt uly şahsy goşandy, jemgyýetiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyz, halkymyzyň süýjüliginden toý paý hem berildi.
Milli Liderimiz sylaglar we gutlag sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli özüne gowşurylan döwlet sylaglary bolan «Bitaraplyk» ordenini we ýubileý medalyny, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza eýerip berlen türkmen toý süýjüligini, ilkinji nobatda, bu sylaglaryň ählisini türkmen halkymyza berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra dabarada «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr. Amala aşyrylýan işlerde görkezen hyzmatlary, işjeň hem-de önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işleri hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Mejlisiň Başlygy hem-de ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy hem-de olar şu şanly baýram mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy hem-de toý süýjüligini aldylar.