Baky Bitaraplyk türkmen ýaşlarynyň hem ykbalyna baky bagt getirdi.
Munuň şeýledigini Bitaraplyk ýyllarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi hem aýdyň subut edýär.
Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we mynasyp medeniýetli bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen ýaşlarynyň medeniýetli nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn» diýen sözleri bolsa merdana milletiň ýaş nesli hökmünde biziň ganatly kalbymyzy göge göterýär.
Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmagymyza getirdi. Şeýle täsirlilige eýe bolmaklyk üçin bu taglymat, bir tarapdan, türkmeniň asyl ruhy gymmatlyklarynyň döwrebap häsiýete eýe bolmaklygyna esas döretse, ikinji tarapdan, döwrüň gymmatlyklaryny milli ölçegleri ulanyp, olara ynsanperwer häsiýet berýär. Milletiň şeýle ukyba eýe bolmaklygy, onuň ruhy galkynyşy esasynda mümkin bolýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýäris! Biz hemişe ýurdumyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini döretmelidiris! Biziň çagalarymyz, agtyk-çowluklarymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Özünde ajaýyp sypatlary jemleýän adamy terbiýelemek diňe bir örän möhüm maksat däl-de, eýsem eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün edýän zerur şertleriň hem biridir!» diýmek bilen, döwrebap nesli kemala getirmegiň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji ähmiýetiniň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlarynyň ýola goýulmagy we bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň kämilleşdirilmegi, çetki ýerlere işe iberilýän ýaş hünärmenleriň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeleri amala aşyrylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde giň gerime eýe bolan halkara gatnaşyklarynyň düzüminde ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlyklaryň rowaçlanmagy hem bagtly ýaşlar hakynda gürrüň edilende uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýaşlaryň ähli babatda kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini nazarlaýan ýaşlaryň meseleleri boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bu ýyllarda has işjeň hem netijeli häsiýete eýe boldy.
Bu aýdylanlar ýaşlar baradaky aladanyň biziň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üns merkezindedigini görkezýär. Şunuň ýaly uly alada bilen gurşalýan biz ýaşlaryň bolsa halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge goşant goşmak hakyndaky jogapkärçiligimizi has-da berkidýär. Ähli babatda medeniýetli nesiller hökmünde kemala gelip jemgyýetimiň ösmegine mynasyp goşantlarymyzy goşmak we Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň hatyrasyna zähmet çekmek biziň üçin uly bagt hem perzentlik parzydyr. Çünki biziň arkamyzda “Ýaşlar meniň esasy aladam” diýen taglymaty dabaralandyrýan, bitaraplyk bagtyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyz bar.
Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.