Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň ähmiýeti, many-mazmuny barada giňişleýin durlup geçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp eserinde halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar öz beýanyny tapdy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň geljekki syýasy ösüşini kesgitledi. «Biz ony hemişelik Bitaraplyk hökmünde kabul etdik» diýip, Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda nygtap belleýär.
Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary poligrafiýa derejesinde neşir edilen täze kitap baý suratlar bilen bezelipdir.
Tanyşdyryş dabarasynda söz sözlän adamlar Gahryman Arkadagymyzyň şa galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.