TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG-ARAGATNAŞYK TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek barada aýry-aýry ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de ýokarda aýdylanlary jemläp, pudaklaýyn düzümleriň öňde goýlan wajyp wezipeleri çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, maliýe-ykdysady ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine öňde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.