SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI — ARKADAGYŇ GÖRELDESI

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda Tejen nebit kärhanasynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» atly şygar astynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata kärhanada zähmet çekýän ýaşlar, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, etrap häkimliginiň wekilleri, hukuk goraýjy edaralarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykyp biljek nogsanlyklara garşy göreşmek bilen bagly geçirilýän işleriň alnyp barlyşy barada gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk hem gülläp ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygy buýsançly nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlarynyň berk bedenli, sagdyn ruhly, belent adamkärçilikli, ylymly-bilimli, hünär taýdan kämil bolmagy, kuwwatly Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler üçin buýsançlaryny beýan edip, halkymyzyň eşretli ýaşaýşy üçin edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

                                                                                              

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 499 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 496 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 517 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT