SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrülýän Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sportda-da uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlary sporta çekmekde, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, ylymly, bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişiklere badalga berilýär hem-de bu asylly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň, sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýakynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Geçirilen woleýbol ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlary gatnaşyp, özleriniň sport ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaşlaryň bedenterbiýä, sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen guralan bu ýaryşyň netijesinde etrapdaky 10-njy orta mekdebiň topary birinji, 6-njy orta mekdebiň topary ikinji, 18-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular. Olara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Laçyn MUHAMMEDOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar