ÝEŇIJI ÝAŞLARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

      Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba-hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň ilerlemegi, döwlete tabşyrylýan hasyl üçin höweslendiriş çäreleriniň ýola goýulmagy, halal zähmet çekmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi kärendeçi daýhanlaryň göwünlerini göterip, olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe etrabyň ähli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan ongünlük zähmet bäsleşikleri, iş öndürijiligiň ýokary derejelere çykmagyna, önüm öndürilişiniň artmagyna has-da täsirini ýetirmek, ýaş pagtaçylaryň işe bolan höwesini artdyrmak, zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak ugrunda şertler döredilýär. Şeýle çärelerde, ongünlük zähmet bäsleşiklerinde ýokary görkezijilere eýe bolup, ýeňiji bolan ýygymçylara we öňdebaryjy kombaýn sürüjilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary iş üstünde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Tutanýerli pagtaçylar ýurdumyzyň oba-hojalyk ulgamyny kämilleşdirmekde, daýhanlaryň netijeli zähmet çekip, netijeli zähmetiň rehnedini, bagtyýar döwrümiziň datly miwesini görmekleri üçin döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Ogulmaral GYLYJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA