KALPLARY HYJUWLY TÜRKMEN ÝAŞLARY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan Galla önümler kärhanasynda guralan maslahat ýokary guramaçylykly we täsirli geçdi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatsöýüji daşary syýasatynyň asylly başlangyçlarynyň halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, mähriban Watanmyzyň pajarlap gülläp ösmegine edýän oňyn täsirlerini ýaşlaryň arasynda çuň many-mazmuny bilen düşündirmekden, wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikler dogrusynda aýdyp, ýaşlary ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli tutumlara hasa-da işjeň gatnaşmaklyga we eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde yhlasly zähmet çekmeklige çagyrdylar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her bir günümiziň täze üstünliklere beslenýändigini, munuň özüniň bolsa ýaşlary döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny bellediler. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryna özleriniň hyjuwly zähmetleri bilen jogap berjekdiklerini ynamly aýtdylar we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň mundan beýläkde rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA