Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim bölümleriniň bilelikde gurnamagynda, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly mährem eneleriň hem-de bilim ulgamynyň işgärleriniň, orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary, onuň iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadygy dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowana menzillerde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Röwşen HOJAGELDIÝEW
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.