WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan, etrap häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda çykyşlar edildi. Ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar