Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen bu ýylda türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleri nazarlaýan döwletli başlangyçlara badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň her birinde ýaşlar baradaky aladany duýmak bolýar. Ýurdumyzda sagdyn türkmen jemgyýetini kemala getirmekde ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, olaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhubelent, maksada okgunly, tutanýerli, edep-ekramly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «Döwletiň geljegi bagtyýar ýaşlar» ady bilen etrabymyzyň 18-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, ýaşlaryň hem şol mümkinçiliklere içgin düşünip, ony ýerlikli peýdalanmagy, olaryň ýokary ahlakly, adamkärçilikli, ylymly, bilimli nesil bolup kemala gelmekleri dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de çäräniň soňunda ýaş nesiller üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklary, sagbolsunlary beýan etdiler.
Laçyn MUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.