Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýelemek baradaky tabşyryklaryny hem-de olaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini medeniýetli alyp barmaklaryny gazanmak, internet torunda bar bolan maglumatlary ýerlikli ulanmaklaryny, ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesini kämilleşdirmegi, hünäre ugrukdyrylmagyny, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň öňündäki wezipe borçlaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün bozulmalarynyň öňüni almak we onuň talaplaryny berk berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi, etrap Bilim bölümi we etrap polisiýa bölüminiň wekilleri bilen bilelikde etrabyň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Sagdyn ýaşlar — il guwanjy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.