Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň gurnamagynda,«Daýhan mert – ýer jomart!» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredýän giň mümkinçilikleri hem-de daýhanlaryň mümkinçilikden peýdalanyp öndürýän bol hasyly barada agzalyp geçildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýylyň dowamynda ýygnalan gök bakja önümleri halk köpçüligine, galla önümleri elewatorlara, ak altynymyz bolsa pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de pagta harmanhanalaryna gowşuryldy. Öz ekin meýdanlaryndan bol hasyl ýygnan daýhanlarmyzyň bolsa begençleriniň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu uly toý mynasybetli ezber pagtaçy daýhanlarmyza, mehanizatorlara ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Ýurdumyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize halkymyzyň sagbolsuny çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.