Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň Gala toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «Ýaşlar — Watan gelejegi» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna kümüş saçly mährem eneler, ýaşulylar, öňdebaryjy ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary hem-de edara-kärhanalarda işleýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabara ilkinji ýaňlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym bilen başlady. Çäräniň dowamynda çykyş eden ýaşlar, ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri hakynda, Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda buýsançly gürrüňler etdiler. Dabaranyň geçýän ýerinde kitap sergisiniň gurnalmagy bolsa oňa gatnaşýan ýaşlaryň nazaryny özünde egledi. Kalplary buýsançdan doly bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny aýtmak bilen Watanymyzyň geljekde hem gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar hem-de ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň.adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.