Düýn ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.
Asylly däbe görä, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.
Depesinde «2021» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.
Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi. Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.
Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikleri ýatladýan çäredir, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin ýörite täze ugur düzülýär. Olar owadan ulagda Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşýärler. Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar.
Aýazbaba we Garpamyk körpe türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edýärler hem-de berk jan saglyk we bagt, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Ertekileri ýatladýan bu ajaýyp baýramçylyk uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň ýadynda uzak wagtlap galar. Tutuş ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylygynyň şaýatlary boldular.