Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, täze 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak hem-de olary işi bilen tanyşmak we geljekki möhüm wezipeleri kesgitlemek kararyna gelendigini aýtdy.
Tamamlanyp barýan ýyl dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy zerarly, tutuş adamzadyň öňünde birnäçe çynlakaý wezipeleri goýdy. Ýöne, muňa garamazdan, ýolbaşçylaryň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we tutuş halkymyzyň bilelikdäki tagallasy we yhlasly zähmeti netijesinde, 2020-nji ýyl gowy görkezijiler bilen jemleýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, şu maslahatda olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.
Ilki bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öz agzalarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça ygtyýarlyklaryna laýyklykda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we döwrebap bilimi almagy üçin ähli şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Baş maksat guramanyň işini ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşyny kemala getirmäge, olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgulary ruhunda terbiýelemäge gönükdirilmegidir. Ýaş nesle milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, halkymyzyň şöhratly ýörelgelerini artdyrmak endiklerini terbiýelemek örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary bu ýörelgeleri ugur edinmäge çagyrýar.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda bu düzümiň tassyklanan meýilnama laýyklykda alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow çykyş edip, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowa söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän guramasynyň alyp barýan işi barada habar berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berdi. Ol öz çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara eýerilip, adamlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny hem-de ýaşaýyş durmuş derejesiniň gowulanýandygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu düzümleriň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady.
Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär diýip, milli Liderimiz şol birwagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli özgerýändigini aýtdy.
Bu ýagdaý syýasy-jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenmegi hem-de öz işleriniň usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni bellenilen meýilnamalara çekdi we olara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere geçmek bilen, bu guramanyň ýolbaşçysy Ý.Öwezberdiýewe ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmegi maslahat berdi.
Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy olaryň arasynda wagyz etmek işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda bu guramanyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem, ýaşlar syýasaty boýunça özara tejribe alyşmak üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli, bilelikdäki maksatnamalary taýýarlamaly.
Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, olaryň şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgüsini artdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek maksady bilen, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen yzygiderli işleri alyp barmaly, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek, ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça, Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna gönükdirilen işleri has hem çaltlandyrmak meseleleri möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalary baradaky döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanmagyny we durmuşa geçirilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda umumy döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. BMG tarapyndan 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat işleriniň geçirilişini has-da güýçlendirmek işiň esasy wezipeleri hökmünde görkezildi.
Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny gazanmaly, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek ilkinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Dünýäde ýaýran pandemiýa garşy göreşmek, onuň öňüni almak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek işlerini wagyz etmäge ünsi has-da güýçlendirmek häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, jemgyýetçilik-syýasy guramalar bilen ysnyşykly işläp bu guramalary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işine has işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi.
Syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini öwrenip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Zenanlar we Ýaşlar guramalary bilen bilelikde deputat we hukukçy zenanlaryň gatnaşmagynda gyz-gelinleriň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge, zenanlaryň hukuklary we borçlary, maşgala mukaddesligi, ahlak terbiýesi baradaky söhbetdeşlikleri geçirmäge ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary hakyndaky (gender deňeçerligi) kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara üstünlikler arzuw etdi.