Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de alabaý itleridir. Türkmen alabaýlary öz aýratynlyklary bilen dünýäde giňden tanalýar, şeýle hem tohum itleriniň arasynda iň naýbaşysy hasaplanylýar. Ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem türkmeniň wepaly dosty bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmakda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakanda ýakyn kömekçi, öýünde sakçy, goragçy bolan alabaýlar duýgurlygy, hüşgärligi, eserdeňligi bilen tapawutlanýar. Olar duýgurlygy bilen aňyrdan gelýän adamyň nähili niýetdedigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziň hem kömekçisi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyny okanyňda hem alabaý itleriň aýratynlyklaryna göz ýetirse bolýar. Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi hem uly mana eýedir. Türkmen alabaýlarynyň at-abraýyny artdyryp, olary dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.