Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp edebi-filosofik eseriniň dowamynyň 3 dilde çap edilmegi ähli watandaşlarymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Milli Liderimiziň bu kitabynda «Ömrümiň manysy – il halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan – enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Ömrüňiz uzak bolsun» ýaly bölümler bolup, olarda alym Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen mukaddes işlere bagyşlanan manyly ömür ýolunda gazanan durmuş we zähmet tejribeleri toplanandyr. Şu nukdaýnazardan hem, Gahryman Arkadagymyzyň durmuş we zähmet tejribesine esaslanyp ýazan kitaby ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr. Bu eser biziň ählimiz üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Halk arasynda aýdylýan şeýle pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Dogrudanam, kämilligiň gözbaşy – terbiýe. Milli Liderimiziň bu eseri terbiýe bilen baglanyşykly ençeme gyzykly rowaýatlardan, wakalardan, filosofiki garaýyşlardan, öwüt-nesihatlardan doly. Eserde diňe bir nesil terbiýesi beýan edilmän, eýsem adamyň tutuş durmuşynda ýüze çykýan ähli zatlar terbiýe bilen baglanyşdyrylýar. Bu babatda kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň kepili» atly bölüminde beýan edilýänlere ünsi çekmek isleýärin. Alym Arkadagymyz bu bölümde terbiýäniň 12 görnüşi barada belläp geçýär. Olar: watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýe, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa we tebigata söýgi terbiýesi. «Haýsy käriň, hünäriň eýesidigine, haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, bu terbiýeler her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz kitabynda belläp geçýär. Terbiýe üçin bolsa, ilkinji nobatda, ylym-bilim zerurdyr.
Terbiýäniň çeşmesi kitapdyr, şonuň üçin köp okamak arkaly gözýetimiňi giňeltmek gerek. Kitap saňa durmuşda dogry ýoly salgy berýär. Ýaşlarda bu terbiýeleri kemala getirmek ene-atalaryň, mugallymlaryň borjudyr. Milli Liderimiz kitabyň, kitap okamagyň tutuş ýaşaýşyň melhemi, durmuşyň dermanydygyny tassyklap berýär. Kitabyň «Terbiýäniň çeşmesi – kitap» atly bölümini okap görenimizde, muňa has çuňňur göz ýetirersiňiz. alym Arkadagymyz kitapda: «Kitap – ol iň gowy söhbetdeşdir, seni erbetlige yrmaýan dostdur, seni tukantlandyrmaýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr, ol ýalan söz bilen saňa ýaranjaňlyk etmeýän, aldawçylyga ýüz urmaýan, mekirlik etmeýän, saňa garşy hile gurmaýan we seniň malyňy eliňden almak islemeýän şärikdeş işdeşdir» diýip ýazýar. «Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna dälde, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz kitap okamagyň hemmeler üçin nähili ähmiýetlidigi hakdaky garaýyşlardan soňra, kitaphon jemgyýeti kemala getirmegiň wajypdygyna ünsi çekýär. Şu başlangyjyň we şu jümleleriň özi Milli Liderimiziň Watan, halk, döwlet, maşgala hakdaky iňňän uly aladasyny görkezýär. Kitabyň, kitap okamagyň maşgaladaky agzybirligi hem has-da berkidýändigini aýdýar. Aslynda, bu biziň köpümiziň gözden salýan esasy durmuş gymmatlyklarymyzyň biridir. Mundan başga-da, bu eserden esasy belläp geçmek isleýän zadym watançylyk terbiýesidir. Ynsanyň bagtyýarlygynyň düýp özeninde Watana bolan söýgüsi ýatyr. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watana bolan söýgümiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar.
Alym Arkadagymyzyň terbiýe baradaky asylly başlangyçlaryna mynasyp goşant goşup, haýyrly işleriň sogabyna şärik bolmak bagty her birimize miýesser etsin! Ajaýyp eserleri bilen bizi döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag
şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.