TÜRKMEN KEÇESI – GÖZEL SUNGAT

      Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda keçe barada: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr.» diýip nygtap bellemegi bu sungatyň gadymylygyny açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň gadymyýetinden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň şu günlere çenli gelip ýetmeginde, ruhy we medeni mirasymyzy gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar.

      Keçe önümleriniň haçan dörändigi barasyndaky takyk bir döwri aýtmak mümkin däl. Keçeler türkmen durmuşynda diňe keçe görnüşinde ulanylman, eýsem, olary dürli zatlara peýdalanypdyrlar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda maldarçylyk bilen meşgul bolan ata-babalarymyzyň dowardarçylyk kesp-kärleri uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýär. Türkmen halkynyň öý-ojaklaryny bezeýän keçe sungaty öz gözbaşyny gadym döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetenligi hemmä mälimdir. Keçe taýýarlamak asyrlaryň synagyndan geçen özboluşly sungatdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Arşyň nepisligi» diýen kitabynda: «Baryp biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklarda türkmen Diýaryna gelenleri bu ýerdäki gülli keçeler haýran galdyrypdyr. Keçe zerur öý goşy hökmünde gülsüz taýýarlananda hem onuň bitirýän hyzmaty adaty düşekliginde. Ata-babalarymyz özüniň gözellik garaýyşlaryny yzygiderli kämilleşdirip gelmegi başarandygy, ruhy baý halk bolany üçinem, milli sungatymyzy dünýä inderipdirler.

      Haýran galaýmaly, beýleki halklarda hem ýaýran el işlerinden, sungat görnüşlerinden tapawutlykda, türkmen halkynda ol has köp zähmet talap edýän, hysyrdyly iş.» diýip belleýär. Göräýmäge bu iş ýeňil ýaly bolsa-da, ony taýýarlamakda we özboluşly nagyşlardyr güller bilen bezemekde zenanlarymyz köp zähmet çekipdirler.

      Uzak ýyllaryň dowamynda güllenip bezelen keçe önümleri türkmen milletiniň törüni bezäp gelipdir. Türkmen keçe sungatyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyz baradaky atalyk kitaplary, miras öwreniji alymlaryň keçe senedi baradaky kitaplary, ylmy işleri, şeýle-de ene-mamalarymyz keçe taýýarlamak barada beren gürrüňleri esas bolup hyzmat edýär. Munuň üçin keçe taýýarlamakda peýdalanylýan ýüňleriň aýratynlygy, ýüň saýmak işi, ýüňleriň boýalyşy, ýüň darakda ýüňüň daralyş usuly, pişge taýýarlamagy barada ylmy maglumatlar toplanyldy.

      Keçeler köp görnüşli bolup, olaryň ählisi durmuşda we öý-hojalygynda ulanylýar. Keçe taýýarlamak üçin zenanlar ýüňleri mazaly taýýarlap bolanlaryndan soň goňşy zenanlar bilen keçäni taýýarlamak üçin has amatly wagt barasynda sözleşilip, belleşilen wagtda üme edýärler. Bu işe diňe aýallar gatnaşýar. Ümäni keçe taýýarlamakda tejribesi bolan, orta ýaşan aýal maşgala ynanylypdyr.

      «Üme» diýlip gelin-gyzlaryň bir ýerde jemlenip iş etmekligine aýdylýar. Esasan türkmençilikde keçe gülüniň goýuljak güni, ýagny sähetli gün saýlanylyp işe başlanylýar. Keçe önüminiň ähli işleri tamamlanandan soň ýel, tozan täsir etmejek, üsti ýapyk ýerde ýa-da ýagty jaýyň içinde taýýarlanyljak keçäniň gamyşy ýazylýar. Gamyşyň ýazyljak ýeri arassa, tekiz, gamyşyň üýtgewsiz ýagdaýdaky saklanjak ýeri bolmaly. Keçe taýýarlanýan gamyşyň adyna ýurdumyzyň köp ýerlerinde «keçe gamyş», käbir ýerlerde «çyg gamyş» diýilýär.

      Keçeler esasan dört burç görnüşde bolýar. Köplenç bularyň ölçegi 2,5 – 1,5 metr çenli bolýar. Emma halk arasynda we öý-hojalygynda uly görnüşli keçelere duş gelinýän halatlaryna-da gabat gelmek bolýar. Uly keçeler 2,4 – 2,5 m,  kiçi keçeler 1,5 – 1 m çenli taýýarlanan görnüşleri gabat gelinýär. Keçe üçin ak we gara reňklerden başga dürli öwüşginli gyzyl, sary, gök, ýaşyl reňkleri, adatça, beýlekilerden köp bolýar we bu reňkler keçelere umumy öwüşgin berýär. Türkmenleriň öý hojalygynda taýýarlanylýan keçeleriň häsiýetli aýratynlygy gülüniň daşyna, onuň reňkine garşy reňkdäki ýüň bilen aýlaw edilýänligidir. Şeýle-de keçeleriň gyrasy hemişe bir reňkden, ýagny gara-goňur ýa-da gara ýüňden edilýär. Düşek edilip ulanylýan gülli keçelerden başga-da ak ýüňden tayyarlanylýan keçeler dürli görnüşleri bardyr. Muňa mysal edip, «namazlyk» hem-de «pygamber» keçelerini getirmek bolar. Şeýle keçeler häzirki wagtda-da türkmen öýünde halallyk, mukaddeslik, döwletlilik derejesinde saklanylýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyza, gymmatlyklarymyza we sungatymyza aýratyn üns bermegi bilen, ony dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň kesp-kärini dowam etdirip, keçäniň dürli görnüşlerini taýýarlamakda uly işler amala aşyrylýar.

 

Bägül AMANOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

Taryh fakultetiniň talyby.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY