Ýaşlar we innowasiýa

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça geçiren iş maslahatynda «Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär» diýip, milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli özgerýändigini aýtdy. Şeýle-de maslahatyň barşynda  ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek maksady bilen, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet  edaralary bilen yzygiderli işleri alyp barmak, ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça, internet ulgamynyň elýeter bolmagyna gönükdirilen işleri has hem çaltlandyrmak meseleleri möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji  ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» möhüm wezipelerini amala aşyrmakda öz hyzmatlaryny ýokary derejede ýaýbaňlandyrýan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» Hojalyk jemgyýetiniň Interneti ösdürmekde we ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde alyp barýan işlerine hem öňe ilerlemek häsiýetini bagyşlaýar.

Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete  geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçiligi doly ele alan ýaş hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgerişleriň aşyrylmagyna gönükdirilen hem hojalyk hasaplaşygynda işleýän bu maglumat tehnologiýalar meýdançasynda hünärmenleriň  we talyp ýaşlaryň  hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, tejribe alyşmaga hem-de programma üpjünçiligi babatda bilim almaga mümkinçilikler giňden açylýar.

Bu ýerde amala aşyrylan taslamalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolan ýaş hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen «Orta mekdepler üçin sanly ulgam», Türkmenistanyň Futbol Federasiýanyň resmi saýty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toruny synagdan geçirmek maksady bilen ornaşdyrylan «Elektron resminama dolanyşygy» ýaly programmalar bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle-de bu ýerde türkmen ýaşlary innowasiýa kärhanalaryna hem-de täze önümçilige başlan kiçi kärhanalara goldaw we hyzmat etmegi üpjün edýän serwis hyzmatlary, dürli taslamalar, tehnologiýalaryň transfer hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär. Bu türkmen ýaşlarynyň buýsandyryjy üstünligidir.

Ýeri gelende bellesek, dürli derejeli  ylmy-taslama bäsleşikleriň ýeňijileri, halkara sergilerinde görkezilýän ýaş oýlap tapyjylaryň we innowasiýany işläp düzüji ýaş alymlaryň ýerine ýetiren sanly ulgam boýunça innowasiýa babatdaky başlangyçlary şu merkez tarapyndan degişli ýerlerde synag-önümçiligine goýberilip, oňyn netijeler gazanylýar.

Bu merkezde ilkinji ylmy gadamlaryny üstünlikli basýan ýaşlaryň durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ähmiýetli taslamalarynyň yzygiderli işlenip düzülýändigi hem bellärliklidir. Muňa mysal hökmünde okuw maksatnamasynyň sanly ulgamda alnyp barylmagyna bagyşlanan «Ukyply» diýlip atlandyrylýan online okuw sapaklarynyň programmasy arkaly ynsanperwer we takyk ylymlara degişli dersler boýunça pedagoglaryň çykyşlary, şekilli we teswirli görnüşler diňleýjilere (okuwçylara, talyplara) hödürlenýär. Bu programma arkaly mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky göni wideoaragatnaşyk amala aşyrylýar. Sapaga online arkaly gatnaşyjy bu ýerde degişli sapaklaryň temalarynyň wideo maglumatlaryny özüne ýükläp almaga, islendik wagtda peýdalanmaga we özleşdirmäge mümkinçilik alyp bilýär. Bu programmanyň işlenip düzülmegi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmagyň ýolunda, bilim berilişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagynda täze usulyýetdäki netijeli ädimdir.

Şeýle-de gündelik wakalar we hojalyk zähmeti  bilen bagly durmuş ulgamyna degişli «Akylly taslama», «Hoş geldiňiz!» ýaly sanlylaşdyrylan taslamalary ýaş oýlaptapyjylaryň innowasiýa babatdaky täze üstünlikleri hökmünde buýsanç bilen bellemek bolar.

 

Muhammetnazar MYRADOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.