16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipeleri boýunça geçiren maslahatynda «Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy olaryň arasynda wagyz etmek işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydyr» diýip belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky alnyp barylýan döwlet syýasaty çuňňur many-mazmuna beslenip, onuň hukuk binýady hem barha pugtalandyrylýar. Munuň özi türkmenistanly ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini kepillendirip, yhlasly öňe gitmäge bolan başlangyçlaryny doly ýagdaýda höweslendirýär. Bu Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we ýaşlar syýasaty bilen bagly beýleki kanunlardan gelip çykýan kadalarda hem aýdyňlygy bilen görünýär.
«Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanuny bolsa, ýaşlaryň döwlet durmuşyndaky orny bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň köp ugurlaryny düzgünleşdirýär hem-de mazmunynyň döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilenligi bilen tapawutlanýar. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny we wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny we tärlerini kesgitlemek bilen raýatlaryň hukuklarynyň, erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriň ulgamyny özünde jemleýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäreleriniň we tärleriniň milli kanunçylygymyzda göz öňünde tutulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak örän möhüm wezipeleriň biridir» diýmek bilen ýaşlaryň kanun babatdaky sowatlylygyny artdyrmaga, ýaşlar syýasaty bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Şu nukdaýnazardan hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän milli kanunçylyk namalarymyz has-da döwrebaplaşdyrylýar we döwrüň ruhuna laýyk derejede peýdalanylýar. Çünki ýaş raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň esasydyr.
Barha gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize mynasyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny bagtly ertirlere alyp gitjek, ýurduň bagtly geljegini gurmakda jogapkärçiligi duýýan, hukuk medeniýeti kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde kanuny binýadyň pugta bolmagy zerur. Şu nukdaýnazardan hem ýaşlar meseleleri boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk binýady barha berkidilýär we täze mazmunda kämilleşdirilýär. Munuň özi geljek-de hem ýaşlar baradaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirip, bagtyýar nesilleriň abadan ýaşaýyşyny oňyn tarapdan kepillendirer.
Ýaşlar baradaky aladany hemişe üns merkezinde saklap, bu ugurda örän uly tutumlary durmuşa geçirýän we türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki mertebesini ýokarlandyrýan Arkadag Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Maral ŞYHYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.