AŞGABAT — DIZAÝN ŞÄHERI

Aziýaň dür-merjeni,

Ak şäherim Aşgabat!

Dost-doganlyk merkezi,

Ak şäherim Aşgabat!

 

Köpetdagyň çeşmesi,

Garagumyň keşdesi,

Göýä ak gül dessesi,

Ak şäherim Aşgabat!

 

        Alym Arkadagymyzyň döredijiliginde waspy belentden ýetirilýän, merjen şäherimiz – Aşgabat ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda mynasyp ornuny aldy. Has takygy, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda, «Şäherleriň Bütindünýä gününde» Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň merkezi edarasyndan Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girýändigi babatynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi. Bu waka ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl bolan Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

        ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamy medeniýet we jemgyýetçilik ugurlarynda şäherleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory «Senetçilik we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Media sungaty» we «Aýdym-saz» ýaly ýedi döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýar.  Tora girýän şäherler 2024-nji ýylyň 1-5-nji iýuly aralygynda Portugaliýada «Geljekki on ýylda ýaşlary gepleşikler stolunyň başyna getirmek» atly mowzuk boýunça geçiriljek ÝUNESKO-nyň ýyllyk maslahatyna gatnaşmaga çagyrylar.

        «Täze şäherler ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ulanmaga hem-de ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmäge berk ygrarlylygy üçin ykrar edildi» diýlip, ÝUNESKO-nyň metbugat beýanatynda bellenilýär. Aşgabat şäheri dünýäniň medeni pudagynyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäher bilen birlikde döredijilik şäherleriniň torunyň bir bölegine öwrüldi.

        «Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, merjen şäherimizde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.

        Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri-de, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu bolsa taryhda we häzirki günde hem syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan şäheriň syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine täze mümkinçilikler açdy.

        Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, dünýä nusgalykdyr. Binagärlikde dizaýn diýlende göz öňüňde ilki bilen gözellik janlanýar. Gözelligiň özboluşly nusgasy bolan Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap her ýyl 25-nji maý - Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip geçilýär.

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aşgabatda dünýä halklarynyň medeniýet hepdelikleriniň, halkara maslahatlaryň, sergileriň, forumlaryň we beýleki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir.

        Ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, halkara abraýynyň artmagy üçin beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, röwşen ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Gülnar KÜRENOWA,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynda terjimeçilik tejribeligini geçýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,

«Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň agzasy.

Meňzeş habarlar