Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow, M.Meredow, E.Orazgeldiýew, Ş.Durdylyýew, B.Öwezow, Ç.Gylyjow, M.Mämmedowa, M.Geldinyýazow, daşary işler ministri R.Meredow, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy we geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewi hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragy tebigy serişdelere örän baýdyr. Bu baýlyklar, elbetde, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, ozaly bilen bolsa, uglewodorod serişdeleri, ýagny tebigy gaz, nebit, şeýle hem mineral serişdelerdir. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ünsi aýratyn özüne çekýär. Biziň çölümizde-sähramyzda dürli ot-çöpler näçe diýseň bar. Bu bolsa maldarçylygy ösdürmäge-de amatly şertleri döredýär. Derýalarymyzyň jülgelerinde hem, daglarymyzda hem köpsanly täsin we peýdaly ösümlikler ösýär.
Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar zeminiň bu baýlyklaryny diňe bir iýmit däl-de, eýsem, öt-çöpleriň we miweleriň köp görnüşlerini derman hökmünde hem ulanypdyrlar. Siziň bilşiňiz ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabymyň 12 jildi neşir edildi, emma men bu işiň soňuna ýetip bilemok. Sebäbi, «ýaşyl dermanhananyň» mümkinçiligi asla egsilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlik 1-nji bäşlikde durýar.
Alymlar bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär. Bu bolsa glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi. Bu howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam edilýär. Ýurdumyzda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni we beýleki çäklendirmeler girizildi.
Sebäbi häzir dünýäde pandemiýa bilen bagly örän howsalaly ýagdaý dowam edýär. Şoňa görä-de, ähli ýurtlaryň alymlary bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köpsanly barlaglary geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu meselede buýan köküniň şol serişdeleriň biri bolup biljekdigini belledi. Bu bolsa türkmen we daşary ýurtly lukman hünärmenleriň bilelikde işlemegi üçin mümkinçilik açýar. Çünki, bu serişdäni ulanmagyň oňat tejribesi toplanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de derman serişdelerini öndürmek üçin Türkmenistanda süýji buýan gorlarynyň ýeterlikdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny umumylaşdyryp, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna bu meseläni mundan beýläk-de ylmy tarapdan düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bolsa işläp gelýän dermanhanalary döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.