Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz russiýaly diplomat bilen salamlaşyp, soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde – Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bellemegiň oňat tejribä öwrülendigini belledi. Ýöne şu ýyl, çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, duşuşyk täze görnüşde geçirilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere ähli gowulyklary, berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat, maşgala abadançylygyny we hoşniýetlilik arzuw etdi. “Goý, Täze, 2021-nji ýyl siziň üçin parahatçylyga we abadançylyga beslensin!” diýip, döwlet Baştutanymyz tüýs ýürekden arzuw etdi.

Biziň ýurdumyz içerki durnuklylyk we syýasy ulgamyň berkligi, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrýandygy bilen tapawutlanýar. Biziň halkara giňişlikde eýeleýän ygtybarly ornumyz, dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklarymyz hut şular bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu günki ýagdaýa görä, Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.

Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy hereket edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň özünde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy işleýär. Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.

Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady. Duaýýeniň belleýşi ýaly, Türkmenistandaky diplomatik düzüm döwlet Baştutanymyzyň onuň işine örän ünsli we hormat goýmak bilen garaýandygyna ýokary baha berýär. Hut şeýle özara hormat goýmagyň esasynda Türkmenistanyň diňe bir Russiýa Federasiýasy bilen däl, eýsem, beýleki köp sanly ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri gazanylýar diýip, ilçi aýtdy we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bu sözleri tassyklap biljekdigini belledi.

Energetika, ulag, ekologiýa, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil halkara başlangyçlaryň ilerledilmegi şolaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Täze, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn manysy bardyr.

“Ýetip gelýän ýylda Siz Türkmenistanyň Hökümetiniň öňünde täze uly wezipeleri goýduňyz. BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlary bilen baglylykda, şol wezipeleriň çözülmegi ýurduňyzy ösüşiň nobatdaky tapgyryna, senagatlaşdyrmagyň, maglumatlaşdyrmagyň, durnukly ösüşiň täze sepgitlerine çykarmalydyr” diýip, A.Blohin döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy.

Russiýaly ilçi diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde Täze ýyl gutlagy bilen çykyş etmek mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, bagt we abadançylyk arzuw etdi hem-de “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiz tüýs ýürekden çykýan arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşyga şatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dostlukly halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, duaýýeni hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän baýram bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

“Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.