WITALIÝ ALIKPEROW: «ÖZÜMIZI KANAGATLANDYRÝAN NETIJE ALMAGA ÇALŞARYS»

Marynyň «Merw» futbol toparynyň baş tälimçisi Witaliý Alikperow we kapitan Merdan Saparow AFK-nyň kubogynyň dördünji tapgyrynyň çäginde Aşgabadyň «Altyn asyry» bilen boljak duşuşykdan öň metbugat ýygnanyşygyny geçirdiler.

Baş tälimçi ilkinji pikirlerini şu sözler bilen beýan etdi.

― Duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biziň üçin juda möhüm duşuşyk. Ilkinji duşuşykda «Altyn asyr» bilen deňeçer güýçde oýnap biljekdigimizi görkezdik. Bize diňe tejribe we üns ýetmedi. Geçen duşuşykdan gerekli netijeleri çykardyk. Ertir özümizi kanagatlandyrýan netijäni almaga çalşarys. Topar duşuşyga taýýar.

― Birinji duşuşykda gowy netije almagyňyza näme päsgel berdi?

― Oýnuň käbir böleklerinde oýunçylarymyzyň tejribesizligi bildirdi. «Altyn asyr» yklym ýaryşlaryna kän gatnaşdy, şonuň üçin hem topar haýsy pursatda nähili hereket etmelidigini bilýär. Duşuşyk käbir oýunçy çalşyklarymyzy şikesler sebäpli geçirmeli bolduk, bu bolsa oýnuň gidişine täsirini ýetirmedi. Her niçik hem bolsa, okgunly oýun üçin men oýunçylaryma hoşallyk bildirýärin. Ertir bolsa sizi has gowy duşuşygyň boljakdygyna ynandyryp bilerin.

― Siziň pikiriňizçe, «Merwiň» toparçadan çykmaga mümkinçiligi barmy?

― Biz diňe öňümizdäki duşuşyk üçin pikirlenýäris. Ýaryş tertibine juda bir ähmiýet beremzok. Duşuşyga çykanymyzda, esasy gyzyklandyrýan zat netije: ýeňdikmi, diýmek, bizden bagtly adam. Her bir duşuşyga diňe ýeňiş gazanmak üçin çykýandygymyzy hem aýtmak isleýärin.

Merdan Saparow: «Iň gowy janköýerler ― Maryda»

― Ähli ünsümiz duşuşyga taýýarlanmakda we gowy oýny orta goýmakda bolar. Biz ― iň gowy janköýerlere eýe topar. Olar bize her bir duşuşykda goldaw berýärler. Ertir hem janköýerlerimizi stadionda görmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

― Birbada üç ýaryşa gatnaşmak kynçylyk döredenokmy?

― Toparymyz, esasan, ýaş oýunçylardan ybarat. Dogry, üç fronta gatnaşmak üçin olarda tejribe az. Biz AFK-nyň kubogynda, çempionatda we Kubok ýaryşynda her üç-dört günden bir duşuşyk geçirmeli bolýarys. Şeýle ýagdaýda özümizi dürsemek we güýç toplamak üçin wagt az galýar. Ýöne biz ýalňyşlyklarymyzy sapak edinip, netije çykarmaga endik edinen topar. Ýaş oýunçylarymyza çenli ýokary derejede oýnap, jogapkärçilikden basylmajakdygyny görkezdiler.

AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň dördünji tapgyrynyň çäginde «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşygyň 9-njy noýabr güni «Aşgabat» stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk ýerli wagt bilen agşam sagat 19-da başlanar.

Duşuşyga stadionda tomaşa etmek isleýän janköýerleriň petekleri «Aşgabat» stadionynyň öz kassasyndan, «Bekarar», «Gülzemin» we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezlerinden satyn alyp biljekdigini ýatladýarys.

TURKMENPORTAL