FORUMYŇ BÖLÜMÇELERINIŇ JEMI JEMLENDI

     2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda wekiliýetler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde geçirilen «Akwarium» görnüşindäki maslahatyna gatnaşdylar. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim Ministriniň orunbasary A.Ataýew alyp bardy. Maslahatda forumyň bölümçelerinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar, teklip edilen pikirler dogrusynda gürrüň edildi. «Akwarium» görnüşindäki maslahatda bölümçeleriň alyp baryjylary, şeýle hem beýleki gatnaşyjylar özleriniň pikirlerini, tekliplerini beýan etmek bilen, bölümçeleriň netijeli geçendigi dogrusynda bellediler.

 

Meňzeş habarlar