ÝÜREKLERI JOŞDURAN DABARALY AGŞAMLYK NAHARY

     2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna agşam foruma gatnaşýan wekiller  aýdym-sazly dabaraly agşamlyk naharyna gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň  “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde guralan dabaranyň dowamynda türkmen we daşary ýurtly medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara ýurtlaryň ýaş wekilleriniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitdi. Agşamlyk dabarasy foruma gatnaşyjy ýaşlarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda  ýerine ýetirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren “Küştdepdi” aýdym we tans sungatynyň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylaryň her birine toý ruhuny bagyşlady.

 

Meňzeş habarlar