Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler biz ýaşlary has-da begendirýär, buýsandyrýar. Şeýle buýsançly günleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasydyr.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň, öňdebaryjy talyp ýaşlarynyň we mekdep okuwçylarynyň, döredijilik toparlarynyň agzalarynyň, žurnalistleriň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleriniň 140-dan gowragy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldylar. Olara Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary, şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gelen wekilleriň gatnaşmaklary dabara aýratyn öwüşgün çaýdy.
Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar syýasatynyň halkara derejesinde ähmiýetiniň artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Pirnazar REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.