ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR "ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝESI" BOLDYLAR

      Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Merkezi Geňeşiniň yglan etmeginde her ýylda ýokary derejede geçirilýän ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

      Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda "Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy" atly forumyň çäklerinde geçirilen bu dabara özboluşly mana eýe boldy. Oňa foruma gatnaşyjy wekiliýetiň agzalarynyň gelmegi dabaranyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

      Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň başlangyçlaryna, ukyp-başarnyklaryna, döredijilik gözleglerine, şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu şanly wakalara beslenen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agzalyga goşulmagy hem bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda, sebitde we dünýäde howpsuzlygy gazanmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda türkmen ýaşlary özleriniň ýiti zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen saldamly goşant goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär.

      Hut şu nukdaýnazardan ylymda, bilimde, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, medeniýetde, sungatda, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlarymyza döwletimiz tarapyndan özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ony Watanymyzyň ösüşine gönükdirmegi babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde Watanymyza wepaly, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesiller kemala gelýär. Muny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Ýaşlar baýragyna 140 sany ýaşlaryň eýe bolmagy aýdyňlygy bilen görkezdi.

      Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ýürek senasynda Watana bolan söýginiň, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyň püre-pürdigini görmek bolýar.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.